logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA GEZELENÇ

Mary welaýat kitaphanasyna Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gezelenç geçirildi.

Mary welaýat kitaphanasyna Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň, mugallymlarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi, buýsandyrdy. Talyplar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp, döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.