logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA-HAZYNALAR OJAGY

KITAPHANA-HAZYNALAR OJAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň gelmeginde «Kitaphana-hazynalar ojagy»atly sergi, gezelenç geçirildi.

Gezelençde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýanlygy barada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň Usuly-kitapnama bölümçesiniň usulçysy Myradowa Enejan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem aýratynlygy barada giňişleýin talyplara gürrüň berdi.

Gezelenjiň ahyrynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri okamaga, öwrenmäge, öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýtdylar.