logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana-hazynalar ummany

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Usuly” bölüminiň gurnamagynda etrap kitaphana müdirleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Kitaphana-hazynalar ummany” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda kitaphanaçylaryň işini kämilleşdirmek, olaryň alyp barýan işlerinde çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini, elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek we olary ylmy-döredijilik, tejribeçilik işlerine höweslendirmek boýunça, kitaphanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphana gelip gowuşýan täze kitaplaryň bellige alynyşy, barada çykyşlar edilip, kitaphanaçylar öz arasynda sorag-jogap alyşdylar.