logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana hünärmenleriniň ýürek buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşiginde kitabyň ähmiýeti, peýdasy, çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyllardyr matallarda kitabyň mukaddesligi öňe sürülýändigi barada çykyş etdiler. Kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolup durýandygy, häzirki wagtda kitaphanalaryň, kitaplaryň satylýan ýörite kitap dükanlarynyň halkymyza giňden hyzmat edýändigi barada kitaphanaçylar bilen ýazgy edildi.

Kitaphana hünärmenleri “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşiginde kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.