logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA HYZMATY–DÖWRÜŇ ZYNATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Kitaphana hyzmaty–döwrüň zynaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda kitaphana ulgamynda okyjylara hyzmat etmek ýokary derejede ýola goýulup, ýaş nesilleriň kitaphana hyzmatyndan döwrebap peýdalanmagy, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaphana işiniň kämilleşmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.