logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«KITAPHANA IŞGÄRLERINE KÖMEK» ATLY KITAP SERGISI.

«KITAPHANA IŞGÄRLERINE KÖMEK» ATLY KITAP SERGISI.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitap tekjelerine ýerleşdirilen «Kitaphana işgärlerine kömek» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide ýurdumyzyň taryhyny beýan edýän ylmy kitaplar, nusgawy şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, görnükli alymlarymyz barada ýazylan kitaplar öz mynasyp ornuny tapýar. Bu sergi esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde uly ýardam berýär.

Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.