logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029 njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphana işi kämilleşýär» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de okyjylaryň kitap okamaga bolan höwesini döretmek, kitapnama işini ýola goýmak, kitaphanada döredilen Bitewi elektron kitaphana ulgamyndan okyja gerek bolan maglumatlary çalt tapyp bermekligi gazanmakda birnäçe işleriň alnyp barylýandygy hakynda aýtdylar. Mundan başga-da Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly peşgeş beren kitaby hakynda gürrüň edip, bu kitap türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini, onuň many-mazmunyny we gymmatyny açyp görkezýän gymmatly eser bolup durýandygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de bu kitapda halkymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, halkara gatnaşyklarda gazanan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine, giňişleýin orun berilýändigini, bu bolsa kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.