Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy «Kitaphana işi kämilleşýär» atly alnyp barylýan kitaphana gurnagyna gatnaýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda kitaphana işi hakynda birnäçe maglumatlar berildi.
Gurnagyň esasy maksady ýaş nesillerimizi bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gurnaga gatnaşýan okyjylaryň arasynda öwrenen maglumatlaryny özleşdirmek maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alşyldy.
Gurnagyň ahyrynda eziz diýarymyzda ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.