Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şeýle-de orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, kitaphana hyzmatlaryndan işjeň peýdalanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, “Kitaphana- paýhaslar öýi” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda kitaphana iň köp gatnan okyjylaryň arasynda 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi ýeňijilere Hormat hatlary hem- de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň dowamynda kitaphanalaryň ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegindäki ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Ýurdumyzda ylym – bilime, medeniýete we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.