logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA» ATLY GURNAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda “Neşirleri abatlamak we jiltleýiş bölümi” özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we tejribe üstünde görkezdiler. Döwlet kitaphanamyzda neşirleri aýawly saklamak, neşirleri abatlamak, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar. Bu bölümde nesilden-nesile geçip gelýän gadymy neşirlerimizi ýaş hünärmen okyjylarymyza ýene-de asyrdan asyra geçer ýaly kitaplaryň ömrüni uzaldyp abatlaýyş we dikeldiş işlerini geçirýärler. Şeýle-de talyplaryň tejribelerini artdyrmak maksady bilen iş üstünde we özleriniň ulanýan enjamlary, gurallary, esbaplary, sapaklary bilen nähili derejede iş alnyp barylýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler we görkezdiler. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.