logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA» ATLY GURNAK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyzda Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň «Kitaphanaçylyk» fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Seýrek neşirler bölüminde saklanylýan iň gadymy kitaplary we döwürleýin irki neşirleriň bilen tanyşdyryldy. Bölümiň gaznasynda iň irki neşirleriň biride bölümde ilkinji hasaba alnan neşirlerimiziň biri hem (ХVI asyra) degişli bolan Gwicciardini Francisciniň «Italýanyň taryhy» 1567-nji ýylda çykan Basile şäherinde neşir edilen. (Latyn elipinde). kitaby agzap geçmek bolar. Seýle-de Seýrek neşirler bölüminiň esasy aýratynly hem awtorlaryň öz gollary bilen sowgat beren kitaplary kitaplar saklanylýar. Iň irki Türkmen kitaby bolsa Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýew tarapyndan toplanyp çapa taýýarlanan Magtymgulynyň saýlanan goşgulary-atly kitaby. 1926 ýylda çykan. Kitap 46 bölümden ybarat bolup (Türkmen dilinde arap elipbinde)–atly kitabyny görkezmek bolar. Bölümiň iň irki gazetleriň biri 1895-nji ýylda neşir edilen «Закаспийское обозрение» gazetini görkezmek bolar. Gurnagymyzyň ahyrynda bolsa talyplaryň bilesigeljiligini artdyrmak maksady bilen sorag-jogap alşyldy.

Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.