logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana-rowaçlyklara badalga

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden "Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler her bir güni rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama, kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän alymlara, dürli kärdäki hünärmenlere, dürli ýaşly okyjylara gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilýändigini hem-de ähli ugurlara degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.