logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy» esasynda «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanaçylaryň raýatlarymyzyň ruhy baýlygyny ösdürmek, sowatlylygyny we dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde ylmy gözleglerini kanagatlandyrmak, boş wagtlaryny netijeli peýdalanmak, dürli döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ýaşlarymyzy döredijilik dünýäsine ruhlandyrmak, döredijilik bilen meşgullanýanlary goldamak we işlerine ýardam bermek, çagalary okamaklyga, bilimlerini artdyrmaklyga höweslendirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandyklary barada hem giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.