logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminde “Elipbiý katalogyndan gerekli edebiýatlary tapmaklyk” atly sapagy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “Elipbiý katalogyndan gerekli edebiýatlary tapmaklyk” atly sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.Gurnagymyzyň bu sanynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitaphanaçylary özleriniň alyp barýan işleri barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler we sorag- jogap arkaly bäsleşik gurnadylar.

Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda okuwa, zähmete bolan höwesleriniň ýokary derejede ösmegine uly täsirini ýetirdi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesillere ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.