logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA SYN

KITAPHANA SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz,Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly gymmatly kitaby barada kitaphana syn geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanasyna täze gelen hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly gymmatly kitabynyň many-mazmuny barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem olar bu ajaýyp kitabyň käbir böleklerini okyjylara okap berdiler. Bu bolsa kitaphana synyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.