logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Moskwada rus dilinde çap edilen “Актеры отечественного кино” atly 4 jiltlik ensiklopedik kitaplary bilen tanyş etdiler. Bu ensiklopediýa 1908-nji ýyldan häzirki wagta çenli döwürde düşürilen Russiýanyň kinosynyň aktýorlary baradaky maglumatlary öz içine alýan ilkinji şeýle görnüşdäki düýpli işdigini beýan etdiler. Kitapda ýüzlerçe aktýor we olaryň garyndaşlary bilen söhbetdeşlik geçirilip, ozal anyklaýyş edebiýatlarynda çap edilmedik köp sanly eksklýuziw aktýor biografiýalary toplanyp, ähli anyk maglumatlar aktýoryň jikme-jik filmografiýasy we suraty bilen bilelikde elipbiý tertibinde ýerleşdirilendigini mälim etdiler. Kitaba russiýaly aktýorlar bilen bir hatarda, öňki soýuz respublikalarynyň ählisiniň aktýorlary hem girizilendigini beýan etdiler. Kitapda tanymal türkmen kinoaktýorlarynyň A.Garlyýewiň, S.Myradowanyň. S.Durdyýewiň, H.Müllükowyň we ş.m. biografiýalarynyň bardygy buýsanç bilen belläp geçdiler.

Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler Watan, il-halk üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.