Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi tarapyndan kitaphana hünärmenleri hem-de okyjylar, Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Watançylyk taglymaty” atly täze kitaby we onuň many-mazmuny bilen tanyşdyryldy.
Çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly kitabynyň ýaş nesilleri watansöýüjilik, kämil ahlak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ylym-bilimli adamlar bolup ýetişmeginde möhüm gollanmadygyny belläp geçdiler. Kitapda her bir ýaş ynsanyň öz Watanynyň öňündäki mukaddes borçlaryny, döwlete we halka bolan wepalylygy nähili kemala getirmelidigi hakynda pähimli garaýyşlar beýan edilýär. Bu kitap talyplaryň we okuwçylaryň, ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun almagy, olaryň sport, döredijilik ýollarynda uly üstünlikler gazanmagy üçin döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri we anyk wezipeleri özünde jemleýär. Bu ajaýyp kitap ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi hem-de ýaş nesli milli gymmatlyklara hormat goýmak we Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda, ak ýürekden zähmet çekmek ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr – diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.