logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler, alym, lukman Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVIII tomy bilen tanyşdyrdylar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky tomunyň, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” we “Maglumatnama” atly iki bölümden ybaratdygyny, kitabyň baplarynda topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlaryň berilýändigini beýan etdiler. Kitapda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň giňişleýin beýan edilmegi, bu ylmy-ensiklopedik kitabynyň lukmançylyk ylmyna uly goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýip, halkyň saglygy barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.