logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni- köpçülik işleri bölümi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp täze kitabyndan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabynda eşretli döwrümiziň ýaşlarynyň ylym-bilimli, ilhalar, ýagşy häsiýetli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde edilýän uly aladalar barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly bu kitabynda şular hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen, ýagşy öwüt-nesihata ýugrulan bu ajaýyp kitap gymmatly hazynadyr - diýip nygtadylar.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.