logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

zTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan “Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmalary – döwrebap ösüşiň açary” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitaba ýerleşdirilen ylmy makalalarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň terbiýesindäki pedagogik gymmaty, türkmen halkynyň taryhyny we baý pedagogik mirasyny öwrenmegiň ylmy esaslary, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmagyň ylmy-amaly çözgütleri, mekdebe çenli hem-de başlangyç bilimde gazanylan milli tejribeler baradaky ylmy seljermeler beýan edilýändigini mälim etdiler. Şeýle-de I.Batyrowyň“C programmalaşdyrma dili”, B.Atajanowyň “Programmirlemegiň dilleri we usullary”, atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar.
Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.