logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Kitaphana synynda çykyş edenler Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde geçirilen türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatynda Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Molla Panah Wagifiň azerbaýjan dilinde neşir edilen goşgulary, gazallary, muhammesleri girizilen “Əsərləri“ atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, azerbaýjan dilinde neşir edilen “Görkəmli türkmən şairi Məhtimqulu Fəraginin yaradiciligi Azərbaycan ədəbiyyatşünasliginda” makalalar ýygyndysy, M.Alyýewiň “Məhtimqulu Fəragi şeirinin poetikasi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, halkymyzyň sungatyny dostlukly ýurtlarda tanyşdyrmak üçin uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.