logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Bedew ruhly pähimler”, “ Eýýamlaryň bedewi” atly fotoöwüşginli kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplarda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň suratlary şeýle-de bedewlerimiz hakynda atalar sözidir nakyllaryň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Türkmen nakyllarynda bedewiň wepadarlyk, çeýelik, çydamlylyk babatdaky aýratynlyklary umumadamzat gymmatlyklary – dostluk, wepa, mertlik, sabyrlylyk deňeşdirilip beýan edilendigini nygtadylar. Täze neşirleriň ýene biri “Ahalteke atlarynyň reňk aýratynlygy” atly iňlis dilinde neşir edilen kitap bilen hem tanyşdyrdylar. Bu neşir ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklaryny özboluşly görnüşde açyp görkezilip, onda mele, çal, gara, goňur, dor, gyr, ak-sarymtyl ýaly dürli reňkleriň aýratynlyklary barada düşünje berilýändigini beýan etdiler. Kitapçalaryň her biri bir ugra – bezeg esbaplaryna, halk paýhasyna, taryhy gymmatlyklara, ruhy dünýä we bedewiň tebigy aýratynlyklaryna gönükdirilen bolsa-da olaryň ählisi ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny, dünýä medeniýetine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydygyny belläp geçdiler.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.