logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Türkmeniň beýik ýüpek ýoly: Demir ýoluň taryhyndan” atly kitaphana syny geçirildi.

Demir ýol ulgamy ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň iň möhüm sütünleriniň biridir. Demir ýol ulgamy ýurduň durmuş-ykdysady hem-de goňşy döwletler bilen söwda-üstaşyr gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda demir ýol ulgamynda mehanizmleşdirilen ulag depolar, täze ýolagçy we ýük wagonlary ulanmaga girizilýär. Şeýle hem, ýollaryň gurluşygyny berkitmek we sanly ulgama geçirmek işleri dowam edýär. Ine şular hakynda çykyş edenler giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.