Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan kitaphana täze gelen metbugat neşirlerden kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygy babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk ulgamynyň ösüşi barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir diýip - belläp geçdiler.
Halkymyzy bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.