logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Kitaphana synynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaby, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby hem-de “Asyrlaryň yzlary” atly ylmy ýygyndynyň II we III neşirleri bilen tanyşdyryldy. Güneşli Diýarymyzda ösýän ösümlikleriň, miweleriň hersi bir derdiň dermany. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynda jana şypa beriji ösümlikleri, miweleri öwrenip, şolaryň her biriniň haýsy keseliň öňüni alýandygy, peýdalanylyşy, himiki düzümi, derman taýýarlanylyşy barada okyjylara jikme-jik maglumatlary ýetirýändigini çykyş edenler nygtap geçdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy– parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda, türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär.
“Asyrlaryň yzlary” atly kitaplarda taryhy we medeni ýadygärliklerde geçirilýän arheologiýa, arhitektura we sungaty öwreniş gözlegleriniň dowamynda toplanan ylmy maglumatlar bilen giňden tanyşdyrylýar.
Kitap synyna gatnaşanlarda çuň many-mazmunly kitaplar diýseň uly gyzyklanma döredip, olar özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary aldylar. Ajaýyp kitaplary halkymyza sowgat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.