logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlaryň kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Batyr Myradowyň “Путь каравана” şeýle-de Akmyrat Hojanyýazowyň “Halypalary gören gözlerim” atly kitaplary bilen tanyş boldular. Batyr Myradowyň “Путь каравана” kitabynda 1941-1945 ýyllarda Watançylyk urşyndaky wakalary, Watana bolan söýgi, türkmen halkynyň gahrymanlygy, urşa gidenleriň yzynda galan naçar zenanlaryň hem-de çagalaryň edermenligi aýdyň açyp görkezilendigini beýan etdiler. Syna gatnaşyjylar bu kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly kömek etjekdigini nygtadylar.

Şeýle-de şahyr, publisist, terjimeçi Akmyrat Hojanyýazowyň “Halypalary gören gözlerim” atly kitabynda soňky ýyllarda ýazan edebi makalalarynyň, ýaş galamdaşlaryny maslahatlarynyň, sowallara jogaplarynyň, şeýle-de onuň öz döredijiligi dogrusunda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir böleginiň girizilendigini gürrüň berdiler.

Syna gatnaşyjylar bu ajaýyp kitaplaryň ýaş nesilleriň häzirki döwürde, şeýle hem kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmakda eýeleýän ornuna göz ýetirmekde saldamly goşandyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.