logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana syny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýat gullugy tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen, “Spinal myşsa amiotrofiýalary anyklamak we bejermek”, “ Çaga hirurgiýasynyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlarynyň kliniki beýanlary”, “Neonatologi-ýanyň wajyp meseleleri” atly kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplaryň Türkmenistanyň lukmanlar jemgyýetiniň amaly ýardam bermeginde taýýarlanandygyny beýan etdiler. Şeýle-de ýokary okuw we orta hünär mekdepleri üçin taýýarlanan S.Kurbanmamedowyň “Iýmitlenmegiň fiziologiýasy”, “ХХ asyr türkmen dil bilimi”, H.Işangulyýewiň “Deňiz tejribesi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.