logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler “Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügi” atly kitaplaryň I, II, III, IV, V jiltleri bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Gündogaryň beýik akyldary we ussat şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän okyjylar köpçüligi üçin doly düşnükli bolmadyk sözler, söz düzümleri, rowaýatlardyr hekaýatlar bilen baglanyşykly düşünjeler, dürli adalgalar, dini, dini-sopuçylyk aňlatmalary, okuja nätanyş bolan taryhy, geografik, mifologik, şahs, eser atlary ýerleşdirilendigini mälim etdiler. Sözlük şahyryň eserleriniň many-mazmunyna düşünmekde peýdaly gollanma bolup hyzmat etjekdigini buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de A.Hojanyýazyň soňky ýyllarda ýazan edebi makalalarynyň, ýaş galamdaşlaryna maslahatlarynyň, sowallara jogaplarynyň, onuň öz döredijiligi dogrusynda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir bölegi girizilen “Halypalary gören gözlerim” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphanaçylary Ý.Ýagmyrowyň “Bakylygyň bahary” atly dürli goşgulary, rubagylary, bentleri, hekaýatlary we durmuş pelsepelerini öz içine alýan kitaby bilen hem tanyşdyrdylar.
Kitaphana synyna gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.