logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen “Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Sport ugrundan hünär öwrenýän ýaşlar üçin niýetlenen bu kitapda muaý-taý söweş sungatyna degişli maglumatlar beýan edilýändigini belläp geçdiler. Muaý-taý söweş sungatynyň tehniki-taktiki tilsimleri türgende tutanýerlilik, sabyrlylyk, döredijilikli işlemek ýaly gymmatly häsiýetleriň kemala gelmegine hem oňaýly täsirini ýetirýändigini beýan etdiler. Şeýle-de J.Gurbanowanyň “Bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaba sport estetikasynyň öwrenýän meseleleri, döremeginiň we ösmeginiň sebäpleri, etikanyň esasy meseleleri, umumy wezipeleri, sportuň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary barada materiallar girizilendigini beýan etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşanlar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.