logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA SYÝAHAT

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen Döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary syýahat etmäge geldiler. Talyp-ýaşlar kitaphananyň binagärlik gurluşygy bilen ýakyndan gyzyklandylar. Kitaphananyň hünärmenleri talyplary kitaphananyň özboluşly gurluşyk aýratynlygy, diwarlaryndaky şekilleriň taryhy, okyjy zallarynyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar. Kitaphananyň özboluşly binagärçilik aýratynlygy, diwar bezegleri, okyjylar üçin okalga zallary, diwarlary taryhy şekiller bilen bezelen howlusy, binanyň daşky gurluşygy talyplarda aýratyn täsir galdyrdy.
Kitaphana syýahada gelen mugallymlar hem-de talyp-ýaşlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.