logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

KITAPHANA ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Ahal welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde kabul eden «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda gol çeken Kararyna bagyşlap «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde welaýatyň etrap merkezi kitaphanalarynyň kitaphanaçy hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek barada durup geçdiler.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin alkyşlar aýdyldy we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.