Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki Tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepde 2025-2026-njy okuw ýylynyň soňky günlerinde “Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar” ady bilen edebi sazly duşuşyk geçirdi.
Çäräniň başynda mekdebiň “Mukam” aýdym-saz toparynyň zehinli okuwçylary Türkmenistan Watanymyzy wasp edýän goşgularyna döredilen birnäçe hor aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýazyjy şahyrlardan Nury Baýramowyň hem-de Annaberdi Agabaýewiň sözlerine döredilen “Eý mekdebim”, “Çalsana bagşy” ýaly aýdymlary has täsirli boldy.
Edebi-sazly duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni ýaş okyjylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan körpeje okyjylara, mekdebiň mugallymlaryna minnetdarlyk bildirip, olara kitaphananyň adyndan “Hormat haty” gowşurdy. Biziň tebigatymyzy – daşky ekologiýany gorap saklamak hakynda wagyz nesihat işlerini geçirýän, Tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni hem okuw ýylynyň dowamynda geçirilen çärelere gatnaşýan “Mukam” aýdym saz toparynyň zehinli okuwçylaryna, olaryň mugallymlaryna minnetdarlyk sözlerini aýdyp “Minnetdarlyk haty” bilen sylaglady.
Geçirilen edebi-sazly duşuşygyň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda bagtyýar ýaşaýan nesillerimiz, bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.