logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA–BILIMLERIŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda “Kitaphana bilimleriň mekany” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde kitaphana gelýän dürli ýaşly okyjylaryň, talyp ýaşlaryň hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda kitap okamagyň ähmiýeti barada dürli neşirleriň, eserleriň üsti bilen wagyz-nesihat işleriniň, gürrüňdeşlikleriň geçirilip, talyp ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek maksady bilen dürli sowal-jogap bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň biziň her birimiz üçin nusga alarlyk gollanmadygy, kitap – akyl hazynasy bolup, dünýä we döwürlere, ynsanlara we olaryň özara gatnaşyklaryna düşünmegiň çeşmesidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny ajaýyp durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.