logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANAÇYLAR BILEN GEÇIRILEN MASLAHAT

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi netijesinde ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler we öňde goýulýan meýilnamalar we maksatnamalar esasynda maslahat etdiler. Maslahata Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň kitaphana işi boýunça usulçysy Çalyýewa Jumagül, paýtagtymyzda ýerleşýän mekdepleriň kitaphanaçylary hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk etmek” hünäriniň talyplary gatnaşdy. Maslahatyň Döwlet Maksatnamasynda beýan edilen: Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak; ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak, olary ylmy-döredijilik, terjimeçilik işlerine köpçülikleýin we işjeň çekmek baradaky amala aşyrylýan wezipeler, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, çagalar we çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk edýän hünärmenler üçin hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini artdyrmak işlerini ýokarlandyrmak; hakyndaky bölümleri boýunça alnyp barylýan we geljekde ýerine ýetiriljek işler barada netijeli maslahat etdiler.

Kitaphanaçylaryň arasynda geçirilen maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphana ulgamyna aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.