Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi baradaky hoş habar diňe bir kitaphanaçylary däl-de eýsem, ähli kitap söýüjileri çäksiz begendirdi, buýsandyrdy. Bu şatlykly habar biziň mukaddes kärimize bolan höwesimizi, söýgimizi has-da artdyrdy. Kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, kitap söýüjileriň isleglerini, talaplaryny kanagatlandyrmakda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň möhüm talap bolup durýandygyny şeýle-de merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna aýratyn orun degişlidigini belläp geçdi.
Elbetde, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň kitap bilen, kitaphana bilen ýakyndan dostlaşmagy, şol kitaplary okamak arkaly türkmeniň milli medeniýetini, sungatyny, ýol-ýörelgelerini, şöhratly taryhyny has ýakyndan öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde amala aşyrylýar.
Bu döredilýän ajaýyp mümkinçilikden peýdalanýan kitaphanaçylaryň şol sanda kitaphana hyzmatyndan peýdalanyjylaryň özleri üçin döredilip berilýän ähli şertler üçin, kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.