logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphanada Elib maksatnama işini kämilleşdirmek

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyplary bilen “Kitaphanada Elib maksatnama işini kämilleşdirmek” atly usuly maslahaty geçirildi. Kitaphanalaryň häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we elektron kataloglaryndan Watanymyzyň hemme künjeklerinde peýdalanmak, okyjylary kitaphana çekmek, şertlerini gowulandyrmak usuly maslahatlar berildi we öwredildi. Okuwyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, kitaphana işiniň dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.