Ahal welaýat kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Paýhasa ýugrulan ýörelge» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana hünärmenleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» kabul edilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler dogrusynda söhbet etdiler.
Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen elektron kitaphananyň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky aladalar döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys diýip özleriniň hoşallygyny bildirdiler.