Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar – akyl hazynasy» ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar durmuşa geçirilýändigi, diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýat merkezlerinde hem döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Kitaphanalar milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, ruhy hazynamyzy wagyz etmekde ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kitaba bolan söýgüni döretmekde ähmiýetiň uludygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.