logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR AKYL-PAÝHAS OJAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplary terjimeçilik tejribeligi geçýän döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de çeper eserleri, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, çagalaryň söýüp okaýan ertekili kitaplaryndan we dünýä ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime etmekde öz bilimlerini özleşdirdiler. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaba, ylyma-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde hem kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde mynasyp dowam etdirilýär.

Şeýle ajaýyp zamanada ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman bolsun!