logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR-AKYL PAÝHASYŇ HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar-akyl paýhasyň hazynasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanaçylar halkymyzyň ruhy baýlygyny ösdürmekde, sowatlylygyny we dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde, ylmy gözleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny netijeli peýdalanmakda hem-de ýaşlarymyzy döredijilik dünýäsine ruhlandyrmakda we ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde birnäçe işleri alyp barýandyklary barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.