logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANALAR BILIM BAÝLYGYDYR

Bilşimiz ýaly, döwletimizde kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly aladalar edilýär. Muňa welaýatlarda gurlup, ulanylmaga berlen kaşaň, ähli amatlyklary bolan häzirki zaman kitaphanalaryň, bu ýerlerde işlemek üçin döredilip berlen giň şertleri, kitaphana işine yzygiderli innowasion ösüşleriň ornaşdyrylmagy, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny mysal getirip bileris. Bu ugur boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan, okyjylara hyzmat etmek boýunça giň şertler döredilen, kitaphanalaryň gaznasyndaky kitaplary elektron görnüşe geçirmek boýunça netijeli, yzygiderli işler alnyp barylýar.

«Elektron kitaplar – elektron dünýä, munda geljegimiz aýdyň görünýär» diýen ýörelgä eýerip, kitaphana işgärleri kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi, kitaphanaçylaryň netijeli işlemekleri, ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.