logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR – BILIM HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy» esasynda «Kitaphanalar - bilim hazynasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ruhy medeniýetiniň gaýtadan dikeldilendigi, ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olary hakyky watançylar edip terbiýeläp ýetişdirmekde kitabyň we kitaphanalaryň tutýan orny diýseň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, dürdäne kitaplar, şeýle hem türkmen we dünýä edebiýatynda uly yz galdyran ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen üpjün edilendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.