Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çarçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça özara düşünişmek hakynda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnamanyň kabul edilmegi kitaphana işgärlerini buýsandyrdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Kitaphanalar – dost-doganlyk köprüsi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan gruzin ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden kitap sergisiniň gurnalmagy çärä ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar, dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny belende götermekde ägirt uly işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.