logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphanalar – dost-doganlyk köprüsi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Gruziýa döwletiniň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy bilen “Ähtnama” kabul etmegi mynasybetli “Kitaphanalar – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hünärmenleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Baş kitaphanasynyň arasyndaky baglaşylan “Ähtnamanyň” maddalary, olaryň iki ýurduň dost-doganlyk, medeni gatnaşyklarynda eýelejek möhüm orny şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de dürli neşirler orun aldy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy giňişleýin wagyz etmäge hem-de dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.