logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANALAR – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ ÇEŞMESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda «Kitaphanalar – halkyň ruhy baýlygynyň çeşmesi» ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her bir güni egsilmez joşguna, rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän alymlara, dürli kärdäki hünärmenlere, dürli ýaşly okyjylara gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilýändigini hem-de ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.