Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesi” atly ýaş nesillerde kitaphanalardan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen tanyş etmeklik maksady bilen duşuşyk geçirdi.
Kitaphanalar ýaş nesilleri diňe bir bilimli däl, eýsem giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly we özbaşdak pikirlenip bilýän şahsyýetler edip ýetişdirmeklikde iň ygtybarly medeni aň bilimleriň jemlenýän ýeri. Taryhy, edebi çeper eserler arkaly ýaş nesil öz halkynyň geçmişine, medeniýetine bolan hormatyny özleşdirmekligi artdyrýar, şeýle hem adalatlylyk, watançylyk we ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri kemala getirmeklikde kitaplaryň ähmiýeti we boş wagtlaryň kitap okamaklygyň peýdasy barada söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri giňişleýin gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşlikli duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitap we kitaphanalar işiniň döwrebap usullarda hyzmat etmekligine uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.