logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR PÄHIM-PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesidir» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýär. Elektron kitaphanalar we maglumat gorlary nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesidir. Kitaphanalar diňe bir bilim merkezi bolman, eýsem, medeni-mirasy özünde jemleýär. Döwrebap kitaphanalar, okamak medeniýetini ösdürmekde möhüm orun eýeleýänligi barada kitaphana gelen talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.