logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR-PAÝHAS ÖÝI

Welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda «Kitaphanalar-paýhas öýi» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň müdirleri, bir bitewi elektron ulgamyna jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamyň, teleradioýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bütewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kamil iş tejribelerini ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak, kitaphanalaryň san hasabatlaryny jemlemek, ýazmaça hasabat meýilnamalaryň ýazylyşy, elektron kitaplary döretmegiň esasy maksady, kitaplary skanerlemek, BEKU ýüklemek, kitaplary döretmek, kitaphanalara okyjylary çekmek, okyjy gündeliklerini ýöretmek tertibi, meýletinçileri hasaba almagyň usullary, köpçülik çäreleri guramak maksady bilen usuly maslahaty geçildi. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphanada guralan giň gerimli kitap sergisine syn etdiler.