logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphanalar paýhaslar hazynasy

Lebap welaýat kitaphanasy welaýatyň şäher, etrap kitaphanalarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynda kitaphana işiniň ilerlemegi üçin ýörite okuw geçirdi. Bu ýerde esasanam çagalar bagynda kitaphana işgärleri tarapyndan geçirilýän sesli okaýyşlaryň, çagalar ertirlikleriň alynyp baryşy, gurnalyşy barada aýratyn düşündirildi. Okalýan türkmen halk ertekileriň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ýetirmek bolup durýandygy, körpeleriň edepli, ula hormat goýup kiçä sylagly bolmalydygy, kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy, şeýle-de kitaplaryň çagalary terbiýelemekde uly orny barada, gurnalýan çärelerde döwrebap işi alyp barmak boýunça gyzykly, täsirli sorag-jogap alyşdylar. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şeýle-de kitaphanalarda okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işiň depginini güýçlendirmeginiň üstünde durup geçdiler.
Gatnaşyjylar işlemäge, okyjylara döwrebap hyzmatlary etmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.