logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALAR RUHY TERBIÝÄŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029 njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar ruhy terbiýäň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamy işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmekde uly tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, elektron kitaplary we maglumat gorlary ýaş nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesi bolup durýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.